Türkmenistanda umumy göwrümi 30 müň tonna bolan sowadyjy toplumlar gurlar

Türkmenistanda oba hojalyk önümlerini saklamak we olaryň zaýalanmagynyň öňüni almak maksady bilen täze sowadyjy we doňduryjy toplumlary gurmak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bu ugurda degişli taslama we gurluşyk işleri boýunça bäsleşik yglan etdi.

Täze sowadyjy toplumlaryň ýurdumyzyň birnäçe welaýatynda gurulmagy göz öňünde tutulýar. Taslama laýyklykda, Balkan welaýatynda 3 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 5 müň tonna, Lebap welaýatynda 8 müň tonna, Mary welaýatynda 6 müň tonna we Ahal welaýatynda 8 müň tonna önüm saklamaga niýetlenen sowadyjy hem-de doňduryjy kameralar dörediler.

Gurluşygy meýilleşdirilýän desgalaryň umumy sygymy 30 müň tonna bolar. Toplumlarda dürli oba hojalyk we azyk önümlerini degişli temperatura şertlerinde uzak möhletleýin saklamak üçin döwrebap sowadyş enjamlarynyň ulanylmagyna garaşylýar.

Bäsleşigiň çäklerinde degişli desgalaryň taslamalaryny taýýarlamak, zerur enjamlary üpjün etmek we gurnamak, şeýle hem gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän kompaniýalar degişli resminamalary 2026-njy ýylyň 24-nji sentýabryna çenli Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 52-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine tabşyryp bilerler.

Täze sowadyjy toplumlaryň döredilmegi oba hojalyk önümlerini möwsümleýin saklamak üçin mümkinçilikleri giňeltmäge, önümleriň hilini gorap saklamaga we içerki bazaryň azyk önümleri bilen üpjünçiligini has-da kämilleşdirmäge ýardam berer.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-64-14, 44-64-77.