2026-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň täze okuw ýylynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň bilim hem-de ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ýaşlaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmäge bagyşlandy.
Açylyş dabarasy 10–12-nji oktýabr aralygynda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde guraldy.
Çäräniň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym-bilim gatnaşyklaryny giňeltmek, ýaş hünärmenleri taýýarlamak we iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine üns berildi.
Çykyşlarda Türkmenistanyň ýaşlarynyň döwrebap bilim almagy, hünär başarnyklaryny ösdürmegi we dünýäniň dürli ýurtlaryndaky deň-duşlary bilen özara tejribe alyşmagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň ähmiýeti bellenildi. Soňra Türkmenistanyň we Hytaýyň bilim ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň netijesinde döredilen Lu Ban ussahanasynyň täze okuw ýylynyň açykdygy yglan edildi.
Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinden gutlag çykyşlary
Dabarada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, tehniki ylymlaryň doktory, professor Baýrammyrat Ýaýlymowiç Atamanow gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň rektory Wan Szinfu we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň rektory Ýuý Ligo sanly ulgam arkaly gutlaglaryny beýan etdiler. Şensi welaýatynyň Bilim departamentiniň Ýokary bilim bölüminiň müdiri Ýan Pen hem dabarada gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Çykyşlarda ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmekde, tejribe alyşmakda we ýaşlary döwrebap hünärlere taýýarlamakda ähmiýeti nygtaldy.
Birinji ýyl talyplaryna diplomlar gowşuryldy
Dabaranyň dowamynda uniwersitetiň rektory Baýrammyrat Atamanow Lu Ban ussahanasynda «Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi» hem-de «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary» taýýarlyk ugurlary boýunça bilim alyp başlaýan birinji ýyl talyplaryna diplomlary gowşurdy.
Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara we hormatly myhmanlara minnetdarlyk bildirilip, olaryň alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw edildi.
Açylyş dabarasy tamamlanandan soň, hytaýly myhmanlar Lu Ban ussahanasynyň geologiýa tejribehanalary, maglumat tehnologiýalary otaglary, olaryň enjamlaşdyrylyşy, sanly serişdeleri we okuw işiniň guralyşy bilen tanyşdyryldy.
Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň işi ýaşlaryň tehniki bilimlerini we amaly başarnyklaryny ösdürmek, halkara tejribäni okuw işine ornaşdyrmak hem-de Türkmenistan bilen Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda möhüm ähmiýete eýedir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.