
BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanda Ählumumy ekologiýa gaznasy (GEF) bilen bilelikde «Geljegiň Araly — çözgütleri şu gün döretmek» atly giň gerimli döredijilik bäsleşigine badalga berýändigini yglan etdi.
Bu başlangyja gatnaşmaga sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak üçin özboluşly pikirleri hödürlemäge taýyn bolan 15-25 ýaş aralygyndaky ýaş işjeňler we oýlap tapyjylar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşyjylardan öz konsepsiýalaryny jikme-jik 3D modelleri ýa-da özboluşly çeper gurnamalar görnüşinde hödürlemek soralýar.
Taslamanyň esasy maksady ýaş nesliň suw serişdelerini gorap saklamak we Aralýaka sebitiniň üýtgeşik ekoulgamlaryny dikeltmek meselelerine bolan gyzyklanmasyny artdyrmakdan ybaratdyr.
Gatnaşyjylaryň işleri «ýaşyl» infrastruktura ösdürmek, suw gorlaryny netijeli dolandyrmak we durnukly sarp etmek ýörelgelerini ornaşdyrmak ýaly mowzuklara degişli bolmalydyr. Gurnaýjylar sebitiň uzak möhletleýin ekologik abadançylygyna ýetmek üçin jemgyýetiň tagallalaryny birleşdirip biljek innowasion çemeleşmeleriň ähmiýetini nygtaýarlar.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary kabul etmek 2026-njy ýylyň 22-nji maýyna çenli dowam eder. Çäreleriň maksatnamasynda 3-nji iýunda Aşgabatda, BMG-niň binasynda geçiriljek mowzuklaýyn sergi we açyk ses berişlik göz öňünde tutulýar.
Iň gowy taslamalaryň awtorlarynyň atlary 5-nji iýunda, Bütindünýä daşky gurşawy goramak gününe gabatlanyp geçiriljek dabarada yglan ediler. Gatnaşmak üçin bildirilýän talaplar we resminamalary tabşyrmagyň şertleri bilen BMGÖM-niň resmi saýtynda tanyşyp bilersiňiz.
Keywords