
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda öýlän Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeden gurluşyk we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Taraplar maliýe-maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Raşid Meredow Türkmenistanyň ykdysady ösüş strategiýasynda abraýly maliýe institutlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Şunlukda, ýurduň ÝTÖB bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti nygtaldy. Öz gezeginde, Odil Reno-Basso bankyň özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Duşuşyga gatnaşyjylar «Gündogar — Günbatar» halkara ulag koridorynyň kemala getirilmegine aýratyn üns berdiler. Türkmen tarapy ÝTÖB-niň bu ugurdaky başlangyçlara gatnaşmak boýunça anyk tekliplerine seretmäge taýýarlygyny bildirdi. Şeýle hem energetika pudagynda, şol sanda durnukly energetika ulgamyndaky taslamalarda hyzmatdaşlygy artdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde görkezildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler we biri-birine iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.
Keywords