Türkmenistanyň howa maglumaty (5 – 11-njy ýanwar 2026)
Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrliginiň gidrometeorologiýa gullugy şu hepde üçin sebitler boýunça howa çaklamasyny mälim etdi.
Aşgabat: Şäherde üýtgäp durýan bulutly howa bolmak bilen, şemal gündogardan, demirgazyk-günbatarly tarapa üýtgär. Şemalyň tizlik derejesi 11–13 m/s, ýerlerde 14–16 m/s çenli güýçlenip bilner. Gije temperaturasy -1…-3°C-den +3…+5°C çenli, güni-gündiz howa +6…+15°C aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýaty: Hepdäniň köp böleginde bulutly howa saklanar, hepdäniň ahyrynda ýagyşyň ýagmagy mümkin. Şemal 8–13 m/s tizlik bilen demirgazyk-günbatara tarap öwüsýär, ýerlerde 12–17 m/s çenli güýçlenýär. Gije temperaturasy -3…+8°C, gündiz +7…+17°C aralygynda maýyl bolar.
Ahal welaýaty: Üýtgäp durýan bulutly howa dowam eder. Şemal 8–13 m/s tizlik bilen demirgazyk-günbatara tarap öwüsýär, ýerlerde 12–17 m/s çenli güýçlenýär. Gije -4…+6°C, güni-gündiz +5…+18°C maýyl bolar.
Mary welaýaty: Bulutly howa saklanylýar, şemal demirgazyk-günbatardan, günorta-gündogara tarap üýtgär. Tizlik 8–13 m/s, ýerlerde 11–16 m/s çenli güýçlenip biler. Gije -4…+8°C, güni-gündiz +4…+18°C maýyl bolar.
Lebap welaýaty: Bulutly howa dowam eder. Şemal demirgazyk-günbatardan, günorta-gündogara tarap üýtgär. tizlik 8–13 m/s, ýerlerde 11–16 m/s çenli güýçlenýär. Gije -8…+8°C, güni-gündiz +2…+17°C maýyl bolar.
Daşoguz welaýaty: Üýtgäp durýan bulutly howa, hepdäniň ahyrynda ýagyşyň ýagmagy mümkin. Şemal günorta-gündogardan, demirgazyk-günbatara tarap üýtgär, 7–12 m/s tizlik bilen, ýerlerde 11–16 m/s çenli güýçlenýär. Gije -8…+5°C, güni-gündiz -3…+10°C maýyl bolar.