
Hormatly raýatlar!
Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň okuw we gündelik çykdajylary üçin «VISA» we «Master Card» bank kart hasaplaryna manat serişdelerini onlaýn görnüşde özbaşdak goýmaga hem-de erkin daşary ýurt puluna öwürmäge mümkinçilik döredýän «Onlaýn halkara töleg» hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar. Tölegi onlaýn görnüşinde amala aşyrmak üçin raýatlarymyz bir gezeklik banka gelip, degişli resminamalary getirenden soň, bank işgäri tarapyndan internet arkaly ähli sazlamalar ýerine ýetirilýär. Şeýlelik bilen, bankyň resmi www.tnbk.tm internet sahypasynyň «Onlaýn hyzmatlar» bölüminde ýerleşdirilen «Internet-bank» bölümçesi arkaly hyzmatyň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilersiňiz. Hormatly ildeşler! «Onlaýn halkara töleg» ulgamy hyzmatyndan peýdalanmak üçin bankyň merkezi edarasyna ýa-da onuň islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz!
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: (+993 12) 44-03-04, (+993 12) 44-35-74
Şahamçalarymyzyň salgylary we telefon belgileri bankyň resmi www.tnbk.tm internet sahypasynda ýerleşdirilen.
Keywords