
Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýan, Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet sanly özgertmeler, emeli aň we bilim tehnologiýalary ugurlarynda işleýän halkara guramalary we kompaniýalary bilen birnäçe duşuşyklar geçirdi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.
“OpenAI” kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda bilim ulgamynda emeli aňy jogapkärçilikli ulanmagyň geljegi barada fikir alyşyldy. Kompaniýanyň wekilleri ýörite işlenip taýýarlanan “ChatGPT Edu” görnüşiniň üsti bilen mugallymlary, talyplary we gözlegçileri goldamak üçin AI gurallarynyň mümkinçiliklerini görkezdiler. Duşuşyklarda mugallymlary emeli aňy ulanmaga taýýarlamak, maglumatlary goramak we şeýle çözgütleri howpsuz synagdan geçirmek üçin gözegçilik edilýän gurşawy döretmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Keywords