Ýokary okuw mekdebinde «Awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy» täze hünäri boýunça ilkinji talyplary kabul etmek işleri tamamlandy.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda kiberhowpsuzlyk boýunça täze hünäre ilkinji talyplar kabul edildi. «Awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy» diýlip atlandyrylýan bu hünär boýunça taýýarlyk ýurduň sanly ulgamlarynyň goragyny üpjün etmek üçin zerur hünärmenleri kemala getirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet dolandyryşynda, senagatda we maliýe ulgamynda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy maglumatlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň ähmiýetini has-da artdyrýar. Dünýäde kiberhüjümleriň sanynyň köpelmegi hem bu ugurda ýokary hünärli işgärlere bolan zerurlygy güýçlendirýär.
Täze hünär boýunça okuw maksatnamasy nazary bilimleri amaly taýýarlyk bilen utgaşdyrmaga gönükdirilýär. Talyplar maglumatlary kriptografiki goramagyň usullaryny, kiberhüjümlere garşy göreşmegiň ýörelgelerini, tor infrastrukturasynyň howpsuzlygyny we maglumatlary goramagyň hukuk esaslaryny öwrenerler.
Amaly sapaklaryň ýöriteleşdirilen kiberhowpsuzlyk we kriptografiýa barlaghanalarynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Okuw döwründe talyplaryň ulgamlaryň howpsuzlygyny barlamak we olaryň gowşak ýerlerini ýüze çykarmak üçin häzirki zaman programma üpjünçilikleri bilen işlemek başarnyklary hem ösdüriler.
Täze hünäriň açylmagy Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi bilen baglylykda maglumat howpsuzlygy ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak üçin möhüm ädimleriň biri bolup durýar.
Ýakyn günlerde täze ugra kabul edilen ilkinji talyplar okuw sapaklaryna başlarlar. Geljekde olaryň döwlet edaralarynyň, senagat we maliýe desgalarynyň möhüm sanly infrastrukturasyny goramak boýunça ýokary hünärli işgärleriň hataryny doldurmagy göz öňünde tutulýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.