2026-njy ýylyň 23–25-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Döwlet Taşliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Italiýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Saparyň çäklerinde 23-nji noýabrda Rim şäherinde Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy bilen Italiýanyň Hasap palatasynyň prezidenti Gwido Karlino arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda italýan tarapyna Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň alyp barýan işleri, esasy wezipeleri, funksiýalary we ygtyýarlyklary barada giňişleýin maglumat berildi. Hususan-da, döwlet maliýe gözegçiligini amala aşyrmak, býujet serişdeleriniň maksadalaýyk we netijeli peýdalanylyşyny üpjün etmek, şeýle hem döwlet buýurmasy esasynda gurulýan desgalaryň gurluşygyna we işleriň hiline gözegçilik etmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Öz gezeginde, türkmen wekiliýeti Italiýanyň Hasap palatasynyň dörediliş taryhy, guramaçylyk düzümi, ygtyýarlyklary we iş tejribesi bilen tanyşdy. Şeýle-de döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine we döwlet serişdeleriniň dolandyrylyşyna gözegçilik etmek boýunça Italiýada ulanylýan usullar barada maglumat aldy.

24-nji noýabrda geçirilen bilermenler derejesindäki duşuşyklarda taraplar gözegçilik we audit çärelerini geçirmek boýunça tejribe alyşdylar. Şeýle hem döwlet auditiniň milli ulgamlarynyň aýratynlyklary we iki ýurduň degişli edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, 25-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýanyň Milan şäherinde ýerleşýän Lombardiýa sebitindäki Hasap palatasynyň düzümleýin bölümine baryp gördi. Bu ýerde wekiliýet sebitleýin we ýerli dolandyryş edaralarynyň býujetleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň aýratynlyklary, şeýle-de degişli iş usullary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Italiýa amala aşyran iş sapary iki ýurduň döwlet maliýe gözegçiligi edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmek, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak we hünär hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döretdi.