Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar, aspirantlar we ýaňy-ýakynda ýokary okuwyny tamamlan uçurymlar dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň biri bolan NVIDIA-nyň ýaş hünärmenler üçin niýetlenen maksatnamalaryna gatnaşmak mümkinçiligine eýe bolup bilerler.

NVIDIA Early Talent maksatnamasynyň çäginde ýaş hünärmenlere emeli aň, programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak, robot tehnikasy, kompýuter grafikasy, grafiki prosessorlaryň arhitekturasy we ýokary öndürijilikli hasaplamalar ýaly häzirki zaman tehnologiýa ugurlarynda hünär tejribesini artdyrmak üçin mümkinçilikler hödürlenýär.

Maksatnamanyň çäginde bakalawr, magistratura, MBA we doktorantura derejelerinde okaýan talyplar üçin dürli hünär tejribelikleri göz öňünde tutulýar. Şeýle hem başlangyç derejedäki talyplar üçin 12 hepdelik Ignite tomusky maksatnamasy, PhD derejesine dalaşgärler we bu derejä eýe bolan hünärmenler üçin ýörite mümkinçilikler, MBA maksatnamasynyň diňleýjileri üçin ugurlar hem-de ýaňy-ýakynda okuwy tamamlan uçurymlar üçin New College Graduate iş orunlary bar.

Türkmenistanly ýaş hünärmenler üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak, emeli aň, kompýuter grafikasynyň we GPU arhitekturasynyň tehnologiýalary, awtonom ulgamlar hem-de robot tehnikasy ýaly

Maksatnamalara gatnaşýanlar diňe bir nazary bilimlerini ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem NVIDIA-nyň inženerleri we ylmy işgärleri bilen bilelikde hakyky tehnologiýa taslamalarynyň üstünde işlemek mümkinçiligine hem eýe bolýarlar. Bu bolsa ýaş hünärmenlere halkara iş tejribesini toplamak we häzirki zaman tehnologiýalary boýunça hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin möhüm mümkinçilik döredýär.

Hünär tejribeleriniň köpüsi ýylyň dowamynda hödürlenýär we adatça azyndan 12 hepde dowam edýär. Ähli ugurlar boýunça umumy arza tabşyrmagyň ýeke-täk möhleti ýok. Boş orunlar degişli toparlarda täze ýerleriň açylmagyna we bar bolan orunlaryň dolmagyna görä yzygiderli täzelenýär. Şonuň üçin dalaşgärlere öz hünärine laýyk täze mümkinçilikler peýda bolanda arza tabşyrmak maslahat berilýär.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar saýlanan wezipä görä üýtgäp biler. Olar belli bir bilim derejesiniň bolmagyny, programmirleme dillerini bilmegi, emeli aň, bulut tehnologiýalary, Linux ulgamy ýa-da kompýuter enjamlary bilen işlemek boýunça tejribäni öz içine alyp biler.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň şeýle halkara maksatnamalara gatnaşmagy üçin resminamalary öňünden taýýarlamak hem möhümdir. Dalaşgäriň terjimehalynda bilim derejesi, tehniki başarnyklary, ylmy-barlag işleri, okuw we şahsy taslamalary, programmirleme tejribesi, ylmy neşirleri we degişli şahadatnamalary görkezilmelidir. Şeýle hem bar bolsa, portfolio ýa-da GitHub sahypalaryna degişli salgylary goşmak dalaşgäriň tejribesini has aýdyň görkezmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle halkara hünär maksatnamalary Türkmenistanyň ýaşlaryna dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň iş tejribesi bilen tanyşmaga, emeli aň we beýleki innowasion ugurlarda bilimlerini kämilleşdirmäge hem-de geljekki halkara hünär ýoluna möhüm başlangyç goýmaga mümkinçilik döredýär.