Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti Kent döwlet uniwersiteti bilen akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resmi saparyny geçirýär.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYÖU) wekiliýeti 17–27-nji awgust aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kent döwlet uniwersitetinde resmi saparda bolýar. Saparyň esasy maksady iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, akademiki gatnaşyklary giňeltmek we ýokary bilim ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmekden ybarat.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti ABŞ-nyň ýokary bilim ulgamynyň aýratynlyklary bilen tanyşýar. Kent döwlet uniwersitetiniň hünärmenleri bilen geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn diplom maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, okuw meýilnamalaryny halkara ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmek, bilim ulgamynda hil üpjünçiligini güýçlendirmek we täze akademiki maksatnamalary taýýarlamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Duşuşyklaryň esasy ugurlarynyň biri ýokary bilimiň hilini üpjün etmek we halkara akkreditasiýasydyr. Wekiliýetiň agzalary HLC, ABET we AACSB ýaly akkreditasiýa ugurlary boýunça tejribe öwrenýärler. Şeýle hem bilim netijelerini kesgitlemek, okuw maksatnamalaryna baha bermek, baha beriş usullaryny kämilleşdirmek we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňdebaryjy çemeleşmeler bilen tanyşýarlar.
Taraplar HYYÖU-de hil üpjünçiligi ulgamyny ösdürmek we täze akademiki maksatnamalary işläp taýýarlamak boýunça anyk çäreleri öz içine alýan ýol kartasyny hem ara alyp maslahatlaşýarlar.
Saparyň çäklerinde halkara talyplaryny kabul etmek we olara akademiki taýdan goldaw bermek meselelerine hem aýratyn üns berilýär. Kent döwlet uniwersitetiniň degişli hünärmenleri bilen geçirilen duşuşyklarda halkara we magistratura maksatnamalaryna talyplary kabul etmegiň tertibi, MBA maksatnamasynyň ösdürilmegi hem-de daşary ýurtly talyplara hödürlenýän hyzmatlar boýunça tejribe alşyldy.
Türkmen wekiliýeti uniwersitetiň kitaphanasynyň işi bilen hem tanyşdy. Olar OhioLINK we ILLiad ulgamlary, ylmy maglumat çeşmeleri, ýazuw we repetitorlyk hyzmatlary, şeýle hem talyplar üçin döredilen beýleki akademiki mümkinçilikler barada maglumat aldylar.
Mundan başga-da, HYYÖU-niň wekilleri Kent döwlet uniwersitetiniň Hormat we Global bilim hem-de hyzmatdaşlyk toparlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdiler. Saparyň dowamynda uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýlaryna, DI Hub merkezine, Talyplar merkezine we beýleki desgalaryna barylyp, okuw we talyp durmuşynyň guralyşy bilen ýakyndan tanyşyldy.
Saparyň maksatnamasynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçihanasynyň wekilleri bilen duşuşyk hem geçirildi. Medeni we jemgyýetçilik çäreleriniň guralmagy bolsa iki ýurduň wekilleriniň arasynda özara düşünişmegi we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etdi.
Türkmen wekiliýetiniň Kent döwlet uniwersitetine bu sapary ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, öňdebaryjy akademiki tejribeleri özleşdirmek we türkmen ýokary okuw mekdebiniň halkara derejesindäki mümkinçiliklerini has-da ösdürmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.