Týumen döwlet uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri we ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu barada uniwersitetiň prorektory Andreý Tolstikow Aşgabatda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmagynyň çäklerinde belledi.

Paýtagtymyzda geçirilen halkara forum saglygy goraýyş, ylym we bilim ulgamlarynda gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmak, häzirki zaman ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak hem-de daşary ýurtlaryň ylmy-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança boldy.

Andreý Tolstikowyň bellemegine görä, Türkmenistan Týumen döwlet uniwersitetiniň ylmy barlaglary üçin uly gyzyklanma döredýär. Biodürlüligi öwrenmek boýunça Russiýanyň öňdebaryjy ylmy merkezleriniň biri bolan bu ýokary okuw mekdebiniň alymlary soňky on ýylyň dowamynda dünýäniň dürli sebitlerinde, şol sanda Türkmenistanda hem janly organizmleriň 1700-den gowrak täze görnüşini ylmy taýdan beýan etdiler.

Týumen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk taryhy bar. Hususan-da, Türkmenabat şäherindäki ýokary okuw mekdepleri bilen akademik gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berilýär. Saparynyň dowamynda Andreý Tolstikow Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna hem baryp gördi. Bu ýerde soňky döwürde täze okuw binalarynyň toplumlary ulanmaga berildi.

Taraplar geljekde hyzmatdaşlygyň çäklerini has-da giňeltmegi maksat edinýärler. Meýilleşdirilýän ugurlaryň hatarynda talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalşygyny ýola goýmak, dürli hünär ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ylmy-amaly maslahatlary hem-de forumlary geçirmek, şeýle hem bilelikdäki ylmy barlaglary alyp barmak bar.

Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hem häzirki zaman tehnologiýalaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Andreý Tolstikowyň bellemegine görä, Týumen döwlet uniwersiteti emeli aňy okuw işinde ulanmak boýunça tejribesini türkmen hyzmatdaşlary bilen paýlaşmaga taýýardyr.

Şeýle hem taraplar biodürlüligi gorap saklamaga we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmaga esaslanýan bioykdysadyýet, emeli aň gurallaryny ulanýan häzirki zaman pedagogikasy ýaly geljegi uly ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýarlar.

Týumen döwlet uniwersiteti Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim alýan Russiýanyň iri ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Häzirki wagtda bu uniwersitetde Türkmenistanyň 1018 raýaty bilim alýar. Bu görkeziji iki ýurduň arasyndaky bilim gatnaşyklarynyň gerimini alamatlandyrýar.

Hünär bilimini ösdürmek, ylmy tejribe alyşmak we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge, ýaş hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmäge hem-de bilelikdäki ylmy barlaglar üçin täze mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.