
Dünýäniň elektrik ulaglar (elektromobiller) bazarynda öňdebaryjy orunlary eýeleýän Hytaýyň «Xpeng» kompaniýasy Ýewropa bazaryndaky ornuny giňeltmek ugrunda taryhy ädim ätjekdigini mälim etdi. Meşhur «The Financial Times» neşiriniň berýän habaryna görä, hytaý öndürijisi Germaniýanyň awtooulag ägirdi «Volkswagen» kompaniýasy bilen strategik ylalaşyk gazandy.
Şertnama laýyklykda, «Xpeng» ýakyn wagtda nemes awtoöndürijisiniň Ýewropanyň çäginde ýerleşýän zawodlarynyň birini satyn alar. Bu zawod Hytaýyň elektromobil öndürijisiniň Ýewropa kontinentindäki ilkinji önümçilik merkezi bolar.
Bu wajyp ylalaşyk Londonda geçirilen «Future of the Car» (Ulagyň gelejegi) atly halkara maslahatyň çäginde gazanyldy. «Xpeng» kompaniýasynyň Demirgazyk we Gündogar Ýewropa boýunça dolandyryjy direktory Elwis Çen maslahatda çykyş edip, taraplaryň özara bähbitli ylalaşyga gelendigini tassyklady.
Halkara bilermenleriň bellemegine görä, bu şertnama Hytaýyň ýokary tehnologik elektrik ulaglarynyň Ýewropada has elýeterli bolmagyna we sebitdäki bäsdeşligiň täze tapgyra göterilmegine getirer.
Keywords