
Türkmenistanyň sanly bazarynda Xyzmat programmasy peýda boldy. Ol rahat naharhanalardan başlap, ygtybarly hyzmat merkezlerine çenli ähli zerurlyklary tapmagy aňsatlaşdyrýar. Amul Info seljerijileri bu platformanyň esasy gymmatlygynyň açyklykdygyny belleýärler: ulanyjylar mahabatlara däl-de, beýleki adamlaryň hakyky tejribelerine we beren bahalaryna esaslanyp karar berýärler.
Ulanyjylar üçin bu wagt tygşytlamak we ähli maglumatlara (menýu, suratlar, iş wagty) bir ýerde eýe bolmak diýmekdir. Biznes eýeleri üçin bolsa Xyzmat täze mümkinçilikleri açýar: brendiň tanalmagyny artdyrmak we müşderiler bilen göni aragatnaşyk gurmak. Platforma ýerli ykdysadyýetiň ösmegine we bäsdeşligiň kämilleşmegine ýardam berip, telekeçileri we sarp edijileri bir bitewi jemgyýetde birleşdirýär.
Çeşme: Xyzmat, Amul Info
Keywords