
YouTube blogeri we ylmy düşündiriji Zak Armstrong Coca-Cola içgisiniň mümkin boldugyndan takyk nusgasyny döretmegi başardandygyny mälim etdi. Ol bu tejribäni jikme-jik görkezýän wideony özüniň LabCoatz atly YouTube kanalynda paýlaşdy.
Wideo bir hepdeden az wagtyň içinde 5,3 milliondan gowrak tomaşa we 21 müňden köp teswir toplady. Armstrong içginiň düzümine seljerme geçirmek üçin barlaghana enjamlaryny, şol sanda mass-spektrometrleri ulandy. Şol enjamlaryň kömegi bilen Coca-Cola dürli himiki birleşmelere bölünip öwrenildi.
Alnan maglumatlara daýanyp, bloger birnäçe aýyň dowamynda içginiň düzüminde synaglar geçirip, onuň tagamyny hakyky Coca-Cola-ýa mümkin boldugyça ýakynlaşdyrmaga çalyşdy. Onuň aýtmagyna görä, içginiň 99 göterimi şeker, fosfor turşusy we kofein ýaly adaty komponentlerden ybarat.
Esasy tapawut bolsa efir ýaglarynyň garyndysynda jemlenýär. Seljerme sitrus miwelerine mahsus alfa-terpineniň, dalçyndan sinnamaldegidiň, şeýle-de muskat hozy we koriandr bilen bagly birleşmeleriň bardygyny görkezdi.
Möhüm tapgyr hökmünde agyzda guraklyk döredýän we gamaşdyryjy täsir berýän çakyr taninleriniň hem-de arassalanan koka ýapraklarynyň ekstraktynyň ýüze çykarylmagy görkezilýär. Bloger bu komponenti çaý agajynyň ýagy bilen çalyşandygyny belläp geçdi.
Armstrong alnan içginiň himiki taýdan hakyky Coca-Cola-a örän meňzeşdigini nygtaýar. Ol täze döreden içgisini «Lab-Cola» diýip atlandyrdy. Resepti kämilleşdirmek işi tas bir ýyl dowam etdi. Kör synaglara gatnaşan adamlar täze içgini dükandaky Coca-Cola-dan tapawutlandyryp bilmändirler, hatda käbirleri Lab-Cola-ny has halandyklaryny belläpdirler.
Keywords