Samsung kompaniýasy özüniň täze flagman smartfony Galaxy S26 Ultra-da gizlin maglumatlary ýat adamlardan goramaga mümkinçilik berýän Privacy Display funksiýasyny taýýarlady. Ekranyň içine ornaşdyrylan bu täze tehnologiýa eýýäm Dubaýda real smartfonda görkezildi.
Privacy Display funksiýasy apparat derejesinde işleýär: ol işledilende, ekran gapdaldan seredýänler üçin görünmez bolýar, ýöne smartfonyň eýesi üçin öňünden seredilende doly aýdyňlygy we ýagtylygy saklaýar. Sazlamalarda goragyň iki sany tertibi bar:
- Standard (standart) — görüş burçlaryny ortaça daraltmak bilen gizlinligi üpjün edýär.
- Maximum protection (maksimal gorag) — gapdaldan görünijiligi has güýçli çäklendirýän agressiw görnüş.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.