Türk kompaniýalary Türkmenistanda $10 milliardlyk 19 taslamany durmuşa geçirýär

Dek 15, 2025 - 19:41
Türk kompaniýalary Türkmenistanda $10 milliardlyk 19 taslamany durmuşa geçirýär
Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi, 2024-nji ýylyň 5-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan

Häzirki wagtda Türkmenistanda türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy möçberi 10 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan 19 taslama durmuşa geçirilýär. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyp, Aşgabat şäherine amala aşyran saparynyň netijleri boýunça mälim etdi.

Türkiýäniň döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanan döwründen bäri türk işewürleriniň Türkmenistanda amala aşyran taslamalarynyň umumy möçberi 55 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Bu barada “Anadolu” agentligi şenbe güni habar berdi. 

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň türk kompaniýalary tarapyndan iri göwrümli infrastruktura we maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylýan ýurtlarynyň arasynda möhüm orunlaryň birini eýeleýändigini belledi.

Şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberini 5 milliard ABŞ dollaryna çenli artdyrmagyň we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegä uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady.

2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda söwda dolanyşygynyň möçberi 2,17 milliard ABŞ dollaryna deň boldy.