Hormatly telekeçiler!
Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasy kiçi we orta telekeçilige degişli taraplara karzlary berýändigini mälim edýär. Bu karzyň maksady telekeçiligi döwlettarapyndan goldamak, täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly haryt bazaryny ýerli önümlerden doldurmak, bäsdeşligi ösdürmek, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak hem-de telekeçilik birlikleriniň işiniň ýurt üçin ileri tutulýan ugurlaryny çekmek bilen baglanyşykly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekdir.
Telekeçileri karzlaşdyrmak bankyň maržasy ny hasaba almak bilen, ýyllyk 5 göterimden şu aşakdaky möhletler bilen amala aşyrylýar:
— maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla çenli;
— dolanyşyk serişderini almak üçin 1 ýyla çenli.
Karzlaşdyrmaga şu aşakdaky maksatlary göz öňünde tutýan maýa goýum taslamalary degişlidir:
— senagat önümleriniň önümçiligini ösdürmek;
— bar bolan önümçilikleri gurmak, giňeltmek, durkuny täzelemek we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaryşdyrmak, şol sanda kiçi önümçilik üçin enjamlary, kiçi göwrümli tehnikalary, çig mallary, ýarym çig mallary, furnituralary satyn almak;
— infrastuktur objektleriniň gurluşygyny goşmak bilen gurluşygy ösdürmek;
— gurluşyk materiallar senagatyny ösdürmek;
— transporty, aragatnaşygy we maglumatlar tehnologiýasyny ösdürmek;
— servis hyzmatlaryny we ilata durmuş taýdan hyzmat etmegi ösdürmek;
— saglygy goraýyş we syýahatçylyk hyzmatlaryny ösdürmek;
— oba hojalyk önümçiliginde peýdalanmak üçin täze ýerleri özleşdirmek we taşlanan ýerleri dikeltmek;
— öz oba hojalyk önümçiligini ösdürmek we giňeltmek, gaýtadan işläp taýýarlanylan önümiň göwrümini artdyrmak, şol sanda oba hojalyk tehnikasyny edinmek, mal — ýataklary, fermalary, kiçi önümçiligi gurmak, mallary, öý guşlaryny, ot-iýmleri, weterinariýa derman serişdelerini, ösümlikleri goramagyň himiki serişdelerini, mineral dökünleri, tohumlary, şitilleri, agaç nahallaryny satyn almak;
— halk çeperçilik senetleriniň we amaly-haşam sungatynyň önümlerini öndürmek;
— Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmändik telekeçilik işiniň, şol sanda innowasiýa işiniň beýlekigörnüşleri.
Karzlar ýokarda agzalan işjeňligi maliýeleşdirmek üçin telekeçileriň maliýe goýum taslamasyna 15 göterimden az bolmadyk hususy serişdelerini goýmak şerti bilen berilýär.
Degişli maslahatlary we anyk maglumatlary dolulygyna Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň hünärmenlerinden alyp bilersiňiz.
Biziň salgymyz: Türkmenabat şäheriniň Ahal köçesiniň 6-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 8(422) 3-98-41, 3-98-42, 3-98-43.
