NEBITGAZ SENAGATY WE GEOLOGIÝA IŞGÄRLERINIŇ GÜNI
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň yzy süren döwletli günlerinde Diýarymyz ýene bir toýly baýramy belläp geçýär. Has takygy, 14-nji dekabrda ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni uludan bellenilýär. Pudagyň welaýatymyzda ýerleşýän edara-kärhanalarynyň wekilleri hem özleriniň hünär baýramyna zähmet sowgatlary bilen geldiler.
Gadymy Lebap topragy türkmen Diýarynyň «mawy ýangyja» iň baý sebitleriniň biridir. Welaýatymyzda her ýyl milliardlarça tonna tebigy gaz çykarylyp, içerki sarp ediş üçin hem-de dünýä bazarlaryna ugradylyp gelýär. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ýurdumyzda degişli ugur boýunça ýöriteleşdirilen iri kärhanalaryň biridir. Gündogar sebitde iş alyp barýan geologlar ýylyň-ýylyna netijeli barlaglary geçirip, ýerasty baýlyklaryň uly çeşmeleriniň üstüni açýarlar.
Mahallasy, bu pudagyň hünärmenleriniň çekýän yhlasly zähmeti milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine uly goşant goşýar. Şu ýyl welaýatymyzda ene topragyň astyndan çykarylan «mawy ýangyjyň» mukdary 21 milliard kub metre golaýlady. Şeýle hem gündogarly nebitgazçylar ýylyň başyndan bäri nebitdir gaz kondensatynyň 440 müň tonnadan gowragyny öndürdiler. Gündogarly gazçylar ýylyň dowamynda «mawy ýangyjyň» 4 milliard kub metrden gowragyny eksporta ugratdylar.
Welaýatymyzda nebiti gaýtadan işlemek we dürli nebit önümlerini öndürmek boýunça hem her ýyl uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Pudagyň işgärleri üstümizdäki ýylda-da hünär baýramyna zähmet sowgatlary bilen geldiler. Şunda welaýatymyzda gaýtadan işlenen nebitiň mukdary 510 müň tonnadan, öndürilen dizel ýangyjy 120 müň tonnadan, nebit bitumy 22 müň tonnadan, benzin bolsa 230 müň tonnadan geçdi. Şeýlelikde, bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5 göterimden 19 göterime çenli ösüş depginine eýe boldy. Şeýle hem şu ýyl welaýatymyzda suwuklandyrylan gazyň 43 müň tonnadan gowragy taýýarlanyp, 9 göterimlik ösüş depgini üpjün edildi.
Welaýatymyzda diňe bir «mawy ýangyjyň» öndürilişinde däl, eýsem täze döredilýän ilatly ýerleri tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça-da netijeli işler alnyp barylýar. «Lebapgazüpjünçilik» müdirligi tarapyndan şu ýyl täze döredilen ilatly ýerler üçin çekilen gaz geçirijileriniň umumy uzynlygy 42,4 kilometre ýetdi. Şonuň 30,8 kilometri oba ýerlerine, 11,6 kilometri bolsa şäherlerdir şäherçelerde täze döredilen ilatly ýerler üçin çekildi.
Ýylyň dowamynda gündogarly geologlar tarapyndan täze gazly we süýji suwly ýataklaryň tapylandygy barada habar berildi. Bu çeşmeler eýýäm önümçilige girizilip, olardan bol önüm alynýar. Şunuň bilen birlikde, nebitgaz senagaty we geologiýa pudagynyň işgärleriniň maddy-jemgyýetçilik ýagdaýynyň hem yzygiderli gowulandyrylýandygyny nygtamak gerek. Ýakynda «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri üçin Hytaý Halk Respublikasyndan 10-dan gowrak täze awtobus gelip gowuşdy. Bu döwrebap ulag serişdeleri işgärleri önümçilik meýdançalaryna hem-de ýaşaýyş ýerlerine gatnatmakda ulanylýar.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen utgaşyp gelen Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni döwletli Diýarymyzda bu pudagyň wekilleriniň çekýän yhlasly zähmetine goýulýan belent hormatyň aýdyň nyşanydyr. Iň döwrebap şertlerde zähmet çekýän nebitgazçylarymyzdyr geologlarymyz döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarlar.
