Tokaýew Aral we Hazar ekoulgamlarynyň goralmagynyň ähmiýetini nygtady

Dek 13, 2025 - 08:26
Tokaýew Aral we Hazar ekoulgamlarynyň goralmagynyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Aşgabatda geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak” halkara forumynda serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak meselelerine hem-de Aral bilen Hazaryň ekologik ýagdaýyna üns çekdi.

Gazagystanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Tokaýew suw howpsuzlygynyň Gazagystan hem-de tutuş sebitiň strategiki ileri tutýan ugruna öwrülendigini nygtady.

Tokaýew Araly halas etmek boýunça halkara gaznasynyň işini has netijeli etmek hem-de Hazaryň ekoulgamynyň ýitip gitmeginiň öňüni almak üçin döwletara maksatnamany döretmegi teklip etdi.

Şeýle hem Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň şeýle ugurlar boýunça bar bolan mandatlary we seljerişleri birleşdirip biljek Halkara Suw Guramasyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Ol bu teklibiň BMG-nyň durnukly ösüş maksatlaryna doly kybap gelýändigini belledi.

Geljek ýylyň aprelinde Astanada Sebitleýin ekologik sammit geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şol ýerde Gazagystan Halkara suw guramasyny döretmek meselesini maslahatlaşmakçy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Aşgabatdaky forumyň ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny berkitjekdigine we ynama esaslanýan adalatly dünýä tertibini gurmak boýunça halkara tagallalarynyň täze depgin almagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.