Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň Merkezi Aziýada ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertidigini nygtady
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp geçirilýän halkara forumda çykyş etdi.
Özbek Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Prezident Şawkat Mirziýoýew öz çykyşynda Türkmenistanyň konstruktiw we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň Merkezi Aziýada durnuklylygy we ösüşi üpjün etmekde möhüm şert bolup durýandygyny belledi.
«Aşgabadyň sebitde energetika we suw howpsuzlygyny, durnukly ulag arabaglanyşygyny we ekoulgamy goramak boýunça başlangyçlary Merkezi Aziýadaky tagallalarymyzyň üstüni ýetirýär» diýip, Şawkat Mirziýoýew nygtady.
Özbegistanyň döwlet Baştutany çykyşynyň dowamynda geljek ýyl Daşkentde döredijilik toparlarynyň, alymlaryň we ýazyjylaryň gatnaşmagynda «Medeniýetleriň dialogy» atly bilelikdäki halkara forumy guramagy, şeýle hem bilim, medeniýet we meýletinçilik ulgamlarynda başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmek arkaly ýaşlary parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmaga işjeň çekmäge gönükdirilen «Ýaşlar parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýolunda» sebitleýin maksatnamasyny döretmegi teklip etdi.
Özbegistanyň Prezidenti sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.
