Hormatly telekeçiler!

Dek 11, 2025 - 10:32
Hormatly telekeçiler!

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 27-nji awgustynda çykaran 2406 belgili «Kiçi we orta telekeçilik subýektleriniň milli programma önümlerini döretmek we önümlerini öndürmek hem-de satyn almak we ulanyşa girizmek boýunça taslamalaryny maliýe taýdan goldamak baradaky» Kararyna laýyklykda ýeňillikli karzlardan peýdalanmaga çagyrýar.

Telekeçilere karzlar şu aşakdaky tertipde hödürlenilýär:

1. Milli programma önümlerini döretmek we enjamlary öndürmek boýunça işler üçin ýyllyk 2 göterim bilen,
2 ýyl ýeňillik döwri bolan 5 ýyl möhlete görkezilen maksatlar üçin 15 göterimden az bolmadyk hususy serişdelerini goýmak şertlerinde;

2. Taýýar milli programma önümleriniň we enjamlarynyň satyn alynmagy we ulanyşa girizilmegi üçin ýyllyk 2 göterim bilen,
6 aý ýeňillik döwri bolan 3 ýyl möhlete görkezilen maksatlar üçin 15 göterimden az bolmadyk hususy serişdelerini goýmak şertlerinde karzlaşdyrylýar.

Hormatly telekeçiler!
Bu karz hyzmatyndan peýdalanmak üçin bankyň merkezi edarasynda ýa-da onuň islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz!

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:
80012 44-02-65; 44-03-03.

Şahamçalarymyzyň salgylary we telefon belgileri bankyň resmi www.tnbk.tm internet sahypasynda ýerleşdirilen.