Türkiýede ÝHH ýurtlaryndan daşary getirilen awtoulaglara goşmaça salgyt girizildi
Ýewropa Bileleşigine girmeýän we Türkiýe bilen erkin söwda şertnamasy bolmadyk ýurtlardan getirilýän ýeňil awtoulaglar üçin täze salgyt borçnamalary güýje girdi.
Report agentliginiň türk neşiri Ekonomim salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäreler käbir awtoulag modelleriniň azalmagyna, käbir brendleriň bäsdeşlige ukyplylygynyň peselmegine hem-de importçylaryň strategiýalaryny gaýtadan gözden geçirmegine sebäp bolup biler.
“Benzinli we dizele işlän awtoulaglar üçin goşmaça 25% salgyt ýa-da azyndan 6 müň dollar möçberinde salgyt bellenildi. Şonuň ýaly salgyt göterimi gibrid modeller üçin hem ulanylýar. Plug-in gibridler üçin salgyt 30% ýa-da azyndan 7 müň dollar, elektromobiller üçin bolsa 30% ýa-da azyndan 8,5 müň dollar möçberinde kesgitlendi.”
Neşiriň maglumatlaryna görä, salgyt düzgüniniň üýtgedilmegi käbir markalaryň bahasynyň 500 müň liradan hem (takmynan 12 müň dollar) köp artmagyna sebäp bolar. Bu çäreler Hytaý, Ýaponiýa, Meksika, Günorta Afrika we beýleki ýurtlardan — Türkiýäniň uly awtoulag üpjün edijilerinden — import edilýän ulaglara-da täsir eder.
