20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklaryny tölemeklik bellenildi
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer H.Geldimyradowa eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenişine berk gözegçilik etmegi, bu ugurda geçirilen işleriň netijeli barada hasabatlary bermegi tabşyrdy.
