Türkmenistanda ulaglaryň tizliginiň ýokarlandyrylmagyna bellenilýän jerimeler artdyryldy

Dek 3, 2025 - 16:09
Dek 3, 2025 - 16:40
Türkmenistanda ulaglaryň tizliginiň ýokarlandyrylmagyna bellenilýän jerimeler artdyryldy

Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky Kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar şu günden başlap awtoulag sürüjiler tarapyndan ýol hereketiniň düzgünleri bozulan halatynda salynýan jerimeleriň möçberleriniň artdyrylandygyna şaýatlyk edýär.

Şu günden başlap, rugsat edilen ýokary tizlik 10 km/sagatdan 30 km/sagada çenli geçse binýatlyk mukdarynyň ikisi möçberinde jerime (ozalky jerime binýatlyk mukdaryň 0,5 möçberi) bellener. 30 km/sagatdan 50 kilometr/sagada çenli geçse jerime binýatlyk ululygynyň möçberiniň üçden bäş ölçegine çenli artdyrylar. Gaýtadan düzgün bozulandygy üçin jerime binýatlyk mukdaryň ýedi ölçegine deň bolar.

Tizligiň 50 kilometr/sagatdan geçendigi üçin jerimäniň möçberi binýatlyk mukdaryň ýediden on ölçegine çenli artdyrylar. Şonuň ýaly-da, 6 aýyň dowamynda gaýtadan düzgün bozulma ulag sürmäge ygtyýar berýän resminamadan bir ýyllyk möhlet bilen mahrum bolmagyňyza getirer.

Swetoforyň gyzyl yşygynda geçilmegi üçin indi binýatlyk mukdaryň üç ölçegi möçberinde jerime bellener.

Ulaglaryň duralgalarda goýulmagy boýunça düzgünleriň bozulmagy binýatlyk mukdaryň iki essesi möçberindäki jerimeleriň salynmagyna sebäp bolar.

Aýratyn çyzylan çyzykdan hereket üçin üçin jerime bolsa binýatlyk mukdaryň bäşden on ölçegine çenli ýokarlandyryldy.

Mundan başga-da, döwlet tehniki gözden geçiriliş möhleti geçen ulaglaryň dolandyrylmagy üçin bellenýän jerimäniň möçberi binýatlyk mukdaryň iki ölçegine çenli köpeldildi.  

Pyýadalara ýatladýarys: pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini bozmagynyň—belgilere boýun bolmazlygynyň, pyýadalar üçin geçelge çyzgylaryna ýa-da swetoforyň görkezijilerine boýun bolmazlygy binýatlyk möçberiň 0,4 ölçegi möçberinde jerime bellenmegine sebäp bolar. Düzgünler gaýtadan bozulan halatynda bolsa binýatlyk mukdaryň bir ölçegindäki jerime göz öňünde tutulýar.

* Bellik: jerimeler üçin binýatlyk mukdary häzirki wagtda 100 manat.