Prezident «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medal bilen sylaglandy
Dabarada Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyny okady.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, B.Gündogdyýew dabara gatnaşyjylaryň, ýurduň diplomatik gullugynyň işgärleriniň hem-de harby we hukuk goraýjy edarlarynyň ähli şahsy düzüminiň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanmagy hem-de täze kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli gutladylar.
