HORMATLY RAÝATLAR!
Ýurdumyzda döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly bank amallarynyň hilini kämilleşdirmek, halka edilýän bank hyzmatlarynyň göwrümini has-da giňeltmek we raýatlaryň erkin pul serişdelerini amatly şertlerde ulanmaklaryna, ýagny, ykdysady dolanyşyga girizmek maksady bilen Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Gazojak şäher şahamçasy Size hödürleýär:
— ýyllyk 6,5% göterim bilen möhletli «Goýum bank karty» bank hyzmaty hereket edýär.
«Goýum bank karty» arkaly Siz şu amatlylyklardan peýdalanyp bilersiňiz:
-
goýum bank kartyndaky serişdeleri çäklendirilmedik möçberde nagtlaşdyrmak we doldurmak, şeýle hem islendik wagtda yzyna almak;
-
söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl hasaplaşyklary geçirmek;
-
«Altyn Asyr» kart ulgamynda goýlan hyzmatlary, şol sanda:
-
ipoteka karzlarynyň esasy bergilerini we göterimlerini,
-
öýjükli aragatnaşyk,
-
internet,
-
IP-telewideniýe,
-
şäher telefon ulgamlarynyň töleglerini amal etmek.
-
«Goýum bank karty» açmak üçin Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Gazojak şäher şahamçasyna ýüz tutup, degişli maslahatlary alyp bilersiňiz.
BIZIŇ SALGYMYZ:
Gazojak şäheri, Magtymguly köçesi, 154-nji jaý.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
8 (445) 5-06-21, 5-13-02
