Türkmenabat pagta egriji fabrigi - pudagyň öňdebaryjy kärhanalarynyň hatarynda tanalýar
Milli ykdysadyýetiň ösüşinde, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda gazanylan üstünlikler, özüniň mynasyp ornunyň bardygyny görkezýär. Şu günler Diýarymyzyň dokmaçylary zähmet gadamlaryny barha artdyrýarlar we Berkarar Watanymyzda giňden bellenilýän şanly senäni — hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýynlyk görýärler. 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda Gahryman Arkadagymyzyň ak patabermegi bilen işe girizilen Türkmenabat pagta egriji fabrigi hem pudagyň öňdebaryjy kärhanalarynyň hatarynda tanalýar. Döwrümiziň ösen tehnologiýalarynyň, kämil dokma enjamlarynyň sazlaşykly işlemegine, şeýle-de önümçiligiň giň ýola goýulmagy üçin gerek bolan çig mal we pagta serişdeleri arassalaýjy kärhanalar tarapyndan üpçün edilýär. Fabrikde Germaniýanyň «Trützschler» kompaniýasynyň önümi bolan 20 sany darak enjamy, Italiýanyň «Marzoli» kompaniýasynyň 24 sany egriji enjamy we «Sawiýa» kompaniýasynyň 11 sany saraýjy enjamlary gündelik bökdençsiz işlenýär.
Önümçiligiň ýokary hilini üpjün etmek üçin işiň dowamynda iki hatar tüýdüji enjam pagtany awtomatik usulda işläp geçirýär. Bu ýerde pagta diňe arassalanylyp, darak enjamlaryna gelýär. Pagta darakdan çykandan soň ýörite enjamlara berilýär we umumy bir görnüşe getirilýär. Ýörite enjamlardan çykýan 8 sany süýüm birleşdirilip, bir görnüşe getirilýär. Soňra ýüplükler ýörite enjamlar arkaly işlemäge geçirilýär. Kärhananyň egirme bölüminde 1200 sany ik we 24 sany egirme maşyny işläp, halka görnüşinde egirme işi ýerine ýetirýär. Bu enjamda işlenýän pagtaň galyndylarynyň bir bölegi kärhanada gaýtadan işlenýär. Saraýjy bölümde agramy 1,5 kilogramdan ýokary bolan ýumaklar taýýarlanyp, gaplama bölümine geçirilýär. Işleriň barha ilerleýşi netijesinde nah ýüplükleriň 20-lik, 27-lik we 34-lik belli görnüşleri öndürilýär. Bu ýerde öndürilen önümleriň hil derejeleri berk gözegçilikde saklanylýar. Kämil enjamlara daýanýan döwrebap barlaghana önümiň hilini çalt we takyk ölçemek mümkinçiligini berýär. Ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän önümler uly islegden peýdalanylýar. Fabrigiň önümleri ýurdumyzyň içerki bazary bilen bir hatarda daşary ýurtlara hem bökdençsiz ugradylýar.
Fabrikde «ak altyn» gaýtadan işlemek we ýokary hilli nah ýüplük önümlerini öndürmekde agzybir işçi-hünärmenleriň ynsanperwer zähmeti üstünlige beslenýär. Döwrebap önümçilikde 590-dan gowrak işçi-hünärmen zähmet çekýär, olaryň aglabasy aýal işçilerden ybarat. Bu ýerde şu ýylyň başyndan bäri 3,912 tonna nah ýüplük öndürildi. Şeýle-de, 152 million 788 müň manatlyk önüm taýýarlanyldy we bellenilen meýilnama boýunça 112,6 göterim berjaý edildi. Degişli döwürde nah ýüplüniň 3,694 tonnasy ýurdumyzyň içerki bazaryna hem-de daşary ýurtly sarp edijilere ugradyldy.
