Sement önümçiliginde depgin artýar

Dek 4, 2025 - 10:36
Sement önümçiliginde depgin artýar

Gurluşykda iň gerekli önümleriň biri bolan sementiň häzirki zaman tehnologiýasynyň düýbüniň tutulanyna geçen ýyl bir asyr bolupdyr. Şondan öň gurluşyk üçin dürli serişdelerden peýdalanan adamzat indi bir asyrdan bäri sementden ýüz öwürüp bilenok.

Eýýäm 12 ýyldan bäri bolsa sement biziň welaýatymyzyň dünýä bazaryna çykarylýan iň esasy baýlyklarynyň biri. 2013-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berlen, geçen ýyl bolsa ikinji tapgyrynyň işi ýola goýlan Lebap sement zawody eýýäm birnäçe ýyldan bäri ýyllyk 1 million tonnadan geçip, önüm öndürip gelýär.

Ýer ýüzündäki gurluşyklar üçin her ýyl sementiň 4 milliard tonnadan gowragy ulanylýan eken. Bu zerur gurluşyk serişdesiniň söwda dolanyşygy bolsa 12,5 milliard amerikan dollaryndan hem geçýär. Şu maglumatyň özi hem sementiň gündelik durmuşymyz üçin nähili möhüm-digini görkezýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz:
«Gurmak we döretmek Berkarar Döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş döwrüniň esasy şygarydyr. Innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşimiziň aýdyň mysalydyr» diýip belleýär.

Sanlyja ýyllykda kemal bolan gudrat — ýurdumyzda ilkinji «akylly» şähere bir nazar aýlaň! Ýurdumyzyň ykdysady güýjüniň görkezijisine öwrülen bu şäherde häzir hem täzeden-täze binalar peýda bolýar. Ýa-da welaýatymyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň sanyna seretsek, sogaby bar. Sement bolsa bu gurluşyklarda ilkinji zerur serişdeleriň biri.

Ýurdumyzyň üç dagy — Köýtendagyň, Köpetdagyň we Uly Balkan dagynyň eteklerinde gurlan zawodlar arkaly her ýylda öndürilýän sement 3 million tonnadan geçýär. Ýakyn geljekde bolsa önümçilik mukdaryny 4—4,5 million tonna ýetirmäge mümkinçilik bar. Şunça önümçiligiň bir bölegi içerki sarp ediş üçin ulanylýan bolsa, bir bölegi eksport giňişligine çykarylýar.

Ýokary depgindäki önümçilikde Lebap sement zawodynyň paýy uly. Bu ýerde ýurdumyz boýunça sementiň üçden bir bölegi öndürilip, sarp edijilere ýetirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyndan bäri zawodyň öndürýän sementiniň mukdary geçen ýyllaryň ähli döwründe öndürileninden-de geçdi.

Zawodyň 2023-nji ýylda 1,1 million tonna, geçen ýylda bolsa 1,18 million tonna sement öndürilipdir. Güýçli zawodda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen on bir aýynda 1 million 386 müň tonna önüm öndürildi. Şeýlelikde zawod öz 12 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek şeýle sepgide ýetdi.

Eger-de soňky iki ýylyň degişli döwrüniň görkezijilerini deňeşdirsek, has uly tapawut ýüze çykýar. Geçen ýylyň degişli döwründe bu ýerde öndürilen gymmatly gurluşyk serişdesiniň möçberi 1 million 30 müň tonna ýetipdir. Şeýlelikde, üstümizdäki ýylda 350 müň tonnadan gowrak sement köp öndürildi. Bu artan möçber göterim bilen hasaplanyňda 34%-den hem geçýär.

Häzirki wagtda zawodda her ýylda 2 million tonna çenli sement öndürmäge mümkinçilik bardygyny ýatladýarys. Munuň özi häzirki wagtda ýurt derejesindäki önümçiligiň diýen ýaly ýarysyndan hem kän. Ýakyn ýyllarda 2 million tonnalyk sepgide ýetmek üçin türkmen senagatçylarynda güýç hem bar, mümkinçilik hem. Her ýylda gazanylýan ösüş bu sepgidiň uzak däldigini görkezýär.

Güýçli zawod ýurdumyzyň iň belent daglarynyň eteginde ýerleşýär. Daglaryň belentliginiň olardan uzaklaşdygyňça adama görünýändigi aýdyň hakykat. Diýmek, bu ýerde edilen we edilýän işler hem uzak geljegi nazarlap, olaryň asyl maksady ençeme nesillere hyzmat etmegidir.