Emirates ähli uçarlaryny Starlink internedi bilen üpjün eder
Dünýäniň iri awiakompaniýalarynyň biri bolan Emirates, öz uçarlarynyň hemmesini Starlink hemrasy arkaly ýokary tizlikli internet ulgamy bilen enjamlaşdyrjakdygyny resmi taýdan mälim etdi. Bu bolsa uçuşlaryň dowamynda ähli ýolagçylara, oturylýan synpyndan we Skywards agzalygyndan başga-da, internetden mugt peýdalanmaga mümkinçilik berer.
Emirates kompaniýasynyň maglumatyna görä, awiakompaniýanyň 232 uçardan ybarat ähli floty iki ýylyň dowamynda Starlink ulgamy bilen üpjün ediler. Ilkinji gezek bu tehnologiýa Boeing 777 uçarynda synagdan geçirildi we Dubai Airshow sergisinde görkezildi. Mundan beýläk, kompaniýa her aý 14 uçarada Starlink ulgamyny oturtmagy meýilleşdirýär. Geljek ýylyň fewral aýyndan başlap bolsa, Starlink ulgamyny Airbus A380 uçarlaryna ornaşdyrmak işine girişiler.
Internet ähli ýolagçylar üçin elýeterli bolar
Ýolagçylar uçuş wagtynda:
-
öz smartfonlaryndan,
-
noutbuklaryndan,
-
şeýle hem oturgyçlaryň arka panelindäki enjamlar arkaly internete goşulyp bilerler.
Starlink arkaly birikme ýolagçylara uçuş wagtynyň özünde:
-
sosial ulgamlardan peýdalanmaga,
-
wideo görmäge,
-
oýun oýnamaga,
-
wideo we ses jaňlary etmäge,
-
onlaýn iş alyp barmaga
mümkinçilik berýär.
Bu ädim Emirates-i ýolagçylar üçin internet hyzmatyny iň ýokary derejede elýeterli edýän dünýä awiasiýasynyň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde görkezýär.
