Ronaldo Irlandiýa bilen oýunda meýdandan çykaryldy

Noý 14, 2025 - 08:55
Ronaldo Irlandiýa bilen oýunda meýdandan çykaryldy
Pedro Nunes/Reuters

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldo Dünýä çempionatynyň-2026 saýlama tapgyrynyň Irlandiýa bilen geçiren myhmançylyk duşuşygynda göni gyzyl kart aldy

Oýnuň dowamynda Ronaldo Irlandiýanyň goragçysy Daru O'Şaýa tirsek bilen zarba urandyr öýdülip, 61-njі minutda meýdandan çykaryldy. Şol wagt Irlandiýa 2:0 hasabynda öňde barýardy.

Şu netijä garamazdan, Portugaliýa F toparçada öňdäki ornuny saklaýar — komanda 10 utuk toplady. Ondan soň 8 utuk bilen Wengriýa, 7 utuk bilen Irlandiýa we 3 utuk bilen Ermenistan gelýär. Jemleýji turda Portugaliýa öz meýdançasynda Ermenistan bilen duşuşar, Irlandiýa bolsa myhmançylykda Wengriýa bilen oýnar. Duşuşyklaryň ikisi hem 16-njy noýabrda geçiriler.

Ronaldo — 40 ýaşly hüjümçi, Çempionlar ligasynyň bäş gezek ýeňijisi, Ýewropa çempiony we Milletler ligasynyň iki gezek eýesi. Ol milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatlarynyň, Çempionlar ligasynyň hem-de klublaryň dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçydyr.

2022-nji ýylyň dekabrynda futbolçy “Al-Nasr” klubuna geçdi. Mundan ozal ol karýerasynda Lissabonyň “Sporting”, “Mançester Ýunaýted”, “Ýuwentus” we Madridiň “Real” klublarynda çykyş edipdi. Ronaldo 2003-nji ýyldan bäri Portugaliýanyň milli ýygyndysynda oýnaýar.