
Paýtagtymyzda geçiriljek halkara çärelere taýýarlyk işleri gyzgalaňly dowam edýär. Şu ýylyň 24-25-nji maýynda Aşgabat şäherinde XXV köpugurly «Ak şäherim Aşgabat — 2026» (WCA 2026) atly halkara sergi we maslahat guralar. Häzirki wagtda bu abraýly foruma gatnaşmak üçin isleg bildirýänleri hasaba almak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Şu ýylky ýubileý forumynyň baş şygary «Ählumumy gepleşiklerden amaly durmuşa geçirmek: durnukly, inkluziw we «akylly» şäherler» diýlip atlandyryldy. Bu bolsa häzirki zaman şäher gurluşygynda iň döwrebap çäreleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.
Bu halkara çärä dünýäniň 55 döwletinden 650-den gowrak delegatyň, şeýle hem gurluşyk, infrastruktura, energetika, tehnologiýalar we şäher gurluşygy ulgamlarynda işleýän 100-den gowrak öňdebaryjy halkara kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Maslahatyň işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýokary derejeli tegelek stoly, şeýle-de «Durnukly, akylly we ählumumy integrirlenen paýtagty kemala getirmek» atly strategik plenar mejlisi geçiriler. Duşuşyklarda şäher düzümini döwrebaplaşdyrmak, durnukly ösüş, energetika ulgamlary, sanly tehnologiýalar we halkara maýa goýum hyzmatdaşlygy ýaly möhüm temalar ara alnyp maslahatlaşylar.
Häzirki wagtda guramaçylar tarapyndan maslahat we sergi meýdançalaryny taýýarlamak, şeýle-de halkara derejeli işewürlik duşuşyklarynyň meýilnamasyny tassyklamak işleri üstünlikli jemlenip barýar.
Foruma gatnaşmak, hemaýatkärlik paketleri we çäräniň takyk meýilnamasy baradaky ähli zerur maglumatlar bilen «WCA 2026» resmi internet sahypasyndan doly tanyşmak bolýar.
Keywords