
“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy halkara onlaýn söwda ulgamynda täze logistik çözgütleri hödürläp, dünýäniň meşhur internet dükanlaryndan haryt sargyt etmek prosesini Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin has elýeterli we amatly ýagdaýa getirdi. Kompaniýanyň goldawy we döwrebap sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy netijesinde, indi Amazon, eBay, Zara, Adidas, Balenciaga ýaly dünýä belli platformalardan islendik harydy aňsatlyk bilen sargyt etmek bolýar.
Bu ulgamyň netijeli işlemeginde TMDrops logistika hyzmaty möhüm orun eýeleýär. “Türkmenpoçta” bilen bilelikde alnyp barylýan synanyşyklar daşary ýurtlardan sargyt edilýän önümleriň ygtybarly eltilmegini, bitewüliginiň saklanmagyny we resmileşdirilme işleriniň ýokary derejede utgaşdyrylmagyny kepillendirýär. Müşderilere halkara onlaýn dükanlarynda söwda edenlerinde ulanmaklary üçin ABŞ-da hem-de Ýewropanyň öňdebaryjy döwletlerinde (şol sanda Italiýada we Gresiýada) şahsy wirtual ammar salgylary we ýörite müşderi belgileri berilýär.
Logistika hyzmatlarynyň tizligi we amatly nyrhnamalary sargytlaryň çykdajylaryny öňünden meýilleşdirmäge şert döredýär. ABŞ-dan iberilýän harytlar ortaça 10-20 günüň, Ýewropa ýurtlaryndan bolsa 7-14 günüň dowamynda ýurdumyza gelip gowşar. Hyzmatyň bahasy bolsa harytlaryň diňe göwrüm agramyna esaslanyp hasaplanýar. Şeýle hem ähli halkara ugratmalar Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda hökmany gümrük gözegçiliginden bökdençsiz geçiriler.
Müşderileriň sargytlary erkin saýlamagyna, brendleri we dükanlary özbaşdak kesgitlemegine doly mümkinçilik berilýär. Ulanyjylar üçin zerur bolan ähli maglumat goldawy türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterli edilip, hyzmatyň düzgünleri, nyrhnamalary we şahsy wirtual salgyny almak üçin tmdrops.com resmi internet saýty arkaly hasaba durmak ýeterlikdir. Ýurdumyza gelip gowşan sargytlary müşderiniň salgysyna çenli eltip bermek işlerini bolsa “Türkmenpoçta” doly öz üstüne alýar.
Keywords