
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy dünýä möçberinde uludan belllenmegi, türkmen döwletiniň şanyny ýene bir gezek arşa göterdi. Bu şanly senäniň äleme ýaň salan dabaralaryna gatnaşmak bagtynyň miýesser edendigiňe buýsanjymyň çägi ýok.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrymyzyň döredijilik topary hem şanly ýylymyza bagyşlap, dürli spektakllary, şol sanda daşary ýurt dramaturglarynyň meşhur pýesalarynyň ençemesini sahnalaşdyrdy.
Şanly ýylymyzyň iň bagtly pursatlarynyň biri hem hormatly Prezidentimiziň uzak ýyllaryň dowamynda çeken zähmetine nazar alyp, maňa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýlen hormatly ady dakmagy boldy. Men bu sylag-sarpa üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsun aýdýaryn.
Keywords