
Ýaponiýada daşary ýurtly işçileriň sany iň ýokary derejä ýetip, geçen ýylyň oktýabr aýynyň ahyryndaky maglumatlara görä, 2,57 milliondan geçdi. Bu barada «Zaman» gazetinde habar berildi. Daşary ýurtly işçileriň sany ýurtda işçi güýjüniň ýetmezçiligi sebäpli 13 ýyldan bäri yzygiderli rekord goýmagyny dowam etdirýär. Ýapon metbugatynyň habar bermegine görä, daşary ýurtly işgärleriň umumy sany 2 million 571 müňden geçdi, bu bolsa öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 11,7% köpdür. Şol bir wagtyň özünde, iň uly paý wýetnamly işçilere degişlidir. Ýurtda daşary ýurt raýatlarynyň zähmet çekýän iş ýerleriniň sany hem rekord derejä – 371 müň 215-e ýetdi, bu öňki ýyldaky görkezijiden 8,5% köpdür. Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş, zähmet we durmuş üpjünçiligi ministrliginiň maglumatlaryna görä, işgärleriniň sany 30-dan az bolan kiçi kärhanalara umumy möçberiň 63,1%-i düşýär. Gaýtadan işleýän senagat pudagy 635 müň 75 daşary ýurtly işgäri bilen beýleki pudaklardan öňe saýlandy we umumy möçberiň 24,7%-ini emele getirdi, ondan soňra iýmit eltip bermek hyzmaty ýaly beýleki pudaklar (391 946 adam) gelýär. Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi sektorynda öňki ýyl bilen deňeşdirilende 25,6% ösüş hasaba alyndy. Işçi güýji ýetmezçiligini başdan geçirýän pudaklarda daşary ýurtdan gelen raýatlara işlemäge rugsat berilýän ýörite işçi wizasy bolanlaryň sany 38,3% artyp, 286 müň 225-e ýetdi. Wýetnamly işçiler 605 müň 906 ýada umumy möçberiň 23,6%-ini emele getirdi. Olardan soňra hytaýlylar (431 müň 949 işçi ýada 16,8%) we filippinliler (260 müň 869 işçi ýada 10,1%) gelýär.
Keywords