Aşgabat şäherinde hindi kinematografiýasyna bagyşlanan ýörite festiwal geçiriler. Çäräni Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy guraýar.

Hindi filmleriniň festiwaly 2026-njy ýylyň 14–16-njy awgust aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler. Kino görkezilişleri hindi diasporasynyň wekilleri bilen birlikde, ähli isleg bildirýän tomaşaçylar üçin açyk bolar.

Festiwal Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 115-nji jaýynda ýerleşýän kinoteatrda geçiriler. Üç günüň dowamynda tomaşaçylar hindi kinosynyň dürli ýyllarda surata düşürilen meşhur eserlerine tomaşa edip bilerler.

Festiwalyň maksatnamasyna aşakdaky filmler girýär:

14-nji awgust (anna), sagat 17:00
🎬 «Dangal» — 2016-njy ýylda surata düşürilen sport dramasy.

15-nji awgust (şenbe), sagat 17:00
🎬 «Ogrulanmadyk gelinlik» — 1995-nji ýylyň romantik komediýasy.

16-njy awgust (ýekşenbe), sagat 11:00
🎬 «Hindistan, öňe!» — 2007-nji ýylda surata düşürilen sport dramasy.

Festiwalyň ähli kino görkezilişlerine giriş mugt bolar. Tomaşaçylar öňünden hasaba durmazdan, nobat esasynda kino zalynda ýer alyp bilerler.

Hindi filmleriniň festiwaly tomaşaçylara Hindistanyň baý medeniýeti, däp-dessurlary we häzirki zaman gymmatlyklary bilen tanyşmaga, şeýle-de dünýä kinematografiýasynyň özboluşly ugurlarynyň biri bolan hindi kino sungatyna has ýakyndan göz ýetirmäge mümkinçilik berer.