
Bu ýylky forum täze gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord derejä çykyp biler — 100-den gowrak täze delegat we 30-dan köp daşary ýurt kompaniýasy ilkinji gezek türkmen bazaryna çykmagy meýilleşdirýär. Ilkinji gezek ýa-da uzak arakesmeden soň gatnaşjak ýurtlaryň arasynda Hytaý, Beýik Britaniýa, ABŞ, Gazagystan, Germaniýa, Russiýa we BAE bar.
Forumyň çäginde ilkinji gezek ýörite B2B duşuşyk meýdançasy dörediler. Bu ýerde türkmen we daşary ýurt işewürleri göni gepleşikler alyp barar. Şeýle hem gatnaşyjylar üçin TEF App mobil goşundysy elýeterli bolar, onuň üsti bilen forumyň tertibi we gatnaşyjylar hakynda maglumat almak bolar.
OGT 2025 energetika ulgamynda täze şertnamalaryň baglaşylmagyna, tejribe alyşmalaryna we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mümkinçilik berjek möhüm iş meýdançasy bolar.
Keywords