Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh döwlet baştutany wezipesinden çekilmek barada karara gelendigini mälim etdi. Bu barada ýurduň döwlet habarlar agentligi MONTSAME habar berýär.

Prezidentiň aýtmagyna görä, bir gün öň Beýik Döwlet Huralyndaky Demokratik partiýanyň fraksiýasy derňew işleriniň geçirilmegi üçin onuň ygtyýarlyklaryny tabşyrmagyny teklip edipdir.

Hurelsuh bu teklibi kabul edendigini aýdyp, hakykatyň anyklanylýan döwründe öz islegi bilen wezipesinden çekilmegiň adalatlylyk ýörelgelerine laýyk gelýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol döwlet baştutany wezipesini terk etmek kararyna gelendigini mälim etdi.

Şeýle hem Prezident özüniň pikirine görä, onuň abraýyna şek ýetirýän maglumatlary we töhmetleri ýaýradan adamlaryň hereketlerine hukuk taýdan baha berilmegi üçin degişli edaralara ýüz tutmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Munuň maksady öz mertebesini, namysyny we abraýyny goramakdan ybarat.

Hurelsuh wezipesinden çekilip, ýönekeý raýat derejesine geçenden soň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşjakdygyny we öz garaýşyny giňişleýin beýan etjekdigini hem habar berdi. «Aýtara zatlarym bar» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.