
Şu gün paýtagtymyzda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde oba hojalygy we azyk senagaty ulgamynda ýylyň möhüm wakalarynyň biri bolan «AgroPack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisiniň dabaraly açylyş dabarasy boldy. 14-nji maýa çenli dowam etjek bu giň möçberli forum, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we innowasion tehnologiýalaryny bir ýere jemleýär.
Serginiň dabaraly açylyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşyjylara ýollan Gutlag haty uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Döwlet Baştutany öz Gutlagynda bu halkara çäräniň ähmiýetine ýokary baha berip:
«AgroPack Turkmenistan — 2026» halkara sergisiniň dünýä ýurtlary bilen öňdebaryjy tejribeleri alyşmakda netijeli meýdança bolup hyzmat etjekdigine hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň ösdürilmegine itergi berjekdigine berk ynanýaryn» — diýip belledi.
Halkara gözden geçirişe dünýäniň dürli künjeklerinden, şol sanda Belarus, Niderlandlar, Russiýa, Azerbaýjan, ABŞ, Türkiýe we Özbegistan ýaly döwletleriň wekilleri gatnaşýarlar. Daşary ýurtly we ýerli kompaniýalar bu ýerde özleriniň:
Sergide Türkmenistanyň hususy pudagynyň gazanan üstünliklerine aýratyn orun berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçileri diňe bir içerki bazary däl, eýsem daşary ýurt bazarlaryny hem ýokary hilli et-süýt, süýji-köke, miwe şireleri we gök-bakja önümleri bilen üpjün edýärler. Bu forum bolsa türkmen öndürijileri üçin eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge täze ýollary açýar.
Serginiň çäklerinde diňe bir önüm tanyşdyrylyşy däl, eýsem geljekki hyzmatdaşlygyň binýadyny tutýan B2B duşuşyklar we işewürlik gepleşikleri hem meýilleşdirilýär. Bu bolsa uzak möhletleýin we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly pursatdyr.
Serginiň iş tertibi bilen tanyş boluň:
Ähli gyzyklanma bildirýänleri Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezine – agrosenagat dünýäsiniň iň täze gazananlary bilen tanyşmaga çagyrýarys!
Keywords