
Bütindünýä temmäkisiz günüň öňüsyrasynda paýtagtymyzda «Temmäkisiz nesil: ýaşlar üýtgeşmeleriň hereketlendiriji güýji hökmünde» atly interaktiw (özara täsirli) maslahat geçirildi. Bu çäre temmäki senagatynyň ýaş nesle gönükdirilen mahabat mekirliklerine garşy durmak ýaly ählumumy ekologik we durmuş meselesine bagyşlandy.
Maslahata Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň «Youth4Health» ýaşlar toruna agza bolan işjeň talyplary gatnaşdylar. Guramaçylar adaty umumy sapaklaryň we leksiýalaryň ornuna döwrebap interaktiw usullary ulandylar. Toparlaýyn işler, gyzgalaňly çekişmeler we ýörite keşpleri janlandyrmak arkaly geljekki lukmanlar adamlary ýaramaz endiklere eltýän esasy sebäpleri, şol sanda stress hem-de jemgyýetçilik gysyşy ýaly faktorlary jikme-jik seljerdiler.
Işiň amaly böleginde bolsa talyplardan ybarat bolan toparlar sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek maksady bilen, özbaşdak kiçi kampaniýalaryny, özboluşly şygarlaryny hem-de deň-duşlary üçin täsirli aragatnaşyk strategiýalaryny işläp düzdüler.
Guramaçylar ýaşlaryň diňe bir diňleýji bolman, eýsem jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda işeňňir öňbaşçylar bolmalydygyny aýratyn bellediler. Bu döredijilikli başlangyç talyplaryň täze tekliplerini we öňe sürýän pikirlerini öwrenmäge giň mümkinçilik döretdi. Ýaşlaryň işläp düzen bu täze çemeleşmeleri geljekde Türkmenistanda temmäkä garşy döwlet strategiýalaryny we milli maksatnamalaryny kämilleşdirmekde giňden peýdalanylar.
Keywords