
Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz Milli Uniwersitetinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan "Türkmenistan: Dil, Edebiýat, Taryh we Medeniýet" atly halkara maslahat geçirildi. Bu wajyp çäre barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýtynda habar berilýär.
Ylmy-medeni maslahata Gyrgyz Milli Uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümi we talyplary gatnaşdylar. Şeýle hem widearagatnaşyk ulgamy arkaly Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýe Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem-de alymlary işjeň gatnaşyk üpjün etdiler.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin saýlap alan şygarynyň mazmunyna we syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetine ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, bu şygar döwlet syýasatynyň özenini düzýän hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk we milli jebislik ýaly mukaddes düşünjeleri dabaralandyrýar. Şeýle-de, ol Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýyny, ykdysady we medeni ösüşlerdäki täze üstünliklerini, halkyň rowaçlyga bolan beýik ymtylyşyny alamatlandyrýar.
Halkara çärä sanly ulgam arkaly goşulan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri türkmen diliniň baýlygy, milli edebiýat, taryh we asylly däp-dessurlar barada giňişleýin hasabatlar berdiler. Maslahatda Türkmenistanyň syýasy, ykdysady hem-de durmuş ulgamynda gazanan sepgitleri, şonuň bilen bir wagtda türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan baý taryhi-medeni mirasy giňden şöhlelendirildi.
Keywords