
Türkmenabat şäherindäki 13-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymlarynyň usuly-amaly okuwlary guramaçylykly geçirildi. Okuwlaryň dowamynda mugallymlaryň dürli temalar boýunça çykyşlary diňlenildi hem-de tejribe alşyldy.
Çykyş edenleriň biri — Türkmenabat şäherindäki takyk we tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň mugallymy Gülöwser Karimowa boldy. Ol: «Okuw-terbiýeçilik işlerinde okuwçylarda kitap okamaga höwesi döretmäge we ýatdan hasaplamak endiklerini, ýatkeşligini, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmäge gönükdirilen işleri alyp barmagyň ýollary» atly tema boýunça täsirli çykyş etdi.
Çykyşda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda-da innowasion tehnologiýalaryň orny we täsiri aýratyn bellenildi. Okuw-terbiýeçilik işleriniň häzirki döwrüň talabyna laýyk guralmagyna, okuwçylaryň döredijilik we logiki pikirleniş ukyplarynyň ösdürilmegine gönükdirilen usullaryň ähmiýeti nygtaldy.
Usuly-amaly okuwlaryň dowamynda başlangyç synp mugallymlary bilen iş tejribeleri paýlaşıldy, täzeçilliklere daýanýan okuw usullaryny okuw amalyýetine ornaşdyrmagyň görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak, okuwçylarda kitap okamaga gyzyklanma döretmek, sanly sowatlylygy ösdürmek ýaly meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.
Geçirilen çäre başlangyç synp mugallymlarynyň usuly derejelerini ýokarlandyrmakda, innowasion tejribeleri ornaşdyrmakda, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk bolan döwrebap okuw-terbiýeçilik çärelerini durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Keywords