
Aşgabatda geçirilýän «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisiniň çäklerinde Belarusyň «NTP-Sintez» kompaniýasy Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň gurak toprak şertlerine uýgunlaşdyrylan döwrebap mineral dökünlerini görkezdi. Kompaniýa ýerli ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin täzeçil çözgütleri hödürleýär.
Kärhananyň esaslandyryjysy we direktorynyň orunbasary Anna Hilkonyň bellemegine görä, «NTP-Sintez» dökünleriň 60-dan gowrak görnüşini öndürýär. Olaryň hatarynda:
Kompaniýanyň esasy aýratynlygy — diňe bir taýýar önüm hödürlemek däl, eýsem her bir hojalygyň topragynyň hasyllylygyny we ekinleriň aýratynlyklaryny öwrenip, ýöriteleşdirilen maksatnamalary taýýarlamakdyr. Anna Hilko eýýäm Türkmenistanyň ýerlerinde önümçilik synaglarynyň geçirilendigini we olaryň netijeli boljakdygyna ynanýandygyny nygtady.
«Biz Belarusyň we Russiýanyň toprakarynda uly tejribe topladyk. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistan, Gazagystan we Özbegistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýäris. Maksadymyz — siziň toprak şertleriňizde dökünlerimiziň kömegi bilen iň ýokary hasyly almaga ýardam bermek» — diýip, kärhananyň wekili belledi.
Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Stanislaw Çepurnoý hem sergä gatnaşyp, iki ýurduň arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Ilçiniň sözlerine görä, Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we agro-senagat toplumyny ösdürmek ugrundaky tagallalarynda belarus tehnologiýalary möhüm orun eýeläp biler.
«NTP-Sintez» bu serginiň netijesinde täze türkmen hyzmatdaşlary bilen uzak möhletleýin şertnamalary baglaşmagy meýilleşdirýär. Belarus öndürijileri ýerli daýhanlar we telekeçiler üçin innowasion dökünleri we ylmy esasly maslahatlary bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Keywords