Belarusyň milli awiakompaniýasy bolan «Belawia», Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ýeňilleşdirýär. Häzirki wagtda awiakompaniýa Türkmenbaşy — Minsk — Türkmenbaşy ugry boýunça 2027-nji ýylyň 24-nji martyna çenli bolan ähli uçuşlar üçin petekleriň satuwyny resmi taýdan açdy.
Bu habar, aýratyn-da Belarusyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary we olaryň ene-atalary üçin garaşylan pursat boldy. Ýanwar we fewral aýlaryndaky gyşky dynç alyş möwsümi üçin petekleri häzirden öňünden bronlamak mümkinçiligi döredildi.
Uçuşlaryň tertibi
Türkmenbaşy we Minsk şäherleriniň arasyndaky yzygiderli gatnawlar hepdede iki gezek amala aşyrylýar:
- Türkmenbaşy — Minsk: Çarşenbe we Ýekşenbe günleri.
- Minsk — Türkmenbaşy: Sişenbe we Şenbe günleri.
Hödürlenilýän hyzmatlar
Ýolagçylara hyzmat etmegiň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, «Belawia» aşakdaky amatlyklary hödürleýär:
- Islendik ugra petekleri öňünden sargyt etmek we satyn almak.
- Göni we utgaşykly (tranzit) gatnawlar üçin petekleri resmileşdirmek.
- Zerur bolan ýagdaýynda uçuş senesini ýa-da ugruny üýtgetmek hyzmaty.
Petekleri nireden satyn alyp bolar?
Petekleri «Turkmen Tourist» ykjam goşundysy arkaly onlaýn görnüşde, şeýle hem Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky resmi satuw nokatlaryndan alyp bilersiňiz.
Esasy habarlaşmak üçin:
- Telefonlar: +993 12 210436; +993 65 641661
- Salgysy: Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 76 («Olimp» jaýy)
- E-poçta: nabat.atayeva@tpstravel.co
Satuw ofisleriniň salgylary:
Aşgabat şäheri:
- Garaşsyzlyk şaýoly, 76; Tel: +993 65 092885.
- Oguzhan köçesi, 211 (Baş agentlik, 1-nji kassa); Tel: +993 12 391717.
- «Gülzemin» söwda merkezi, 1-nji gat; Tel: +993 71 777222.
- G.Gulyýew köçesi, «Ussat» söwda merkezi; Tel: +993 71 291144.
Welaýatlar boýunça:
- Balkan: Türkmenbaşy halkara howa menzili (+993 243 30025); «Çarlak» myhmanhanasy; Balkanabat awtomenzili (+993 222 70960).
- Daşoguz: Magtymguly şaýoly, 12-nji jaý; Tel: +993 332 91221.
- Lebap: Türkmenabat halkara howa menzili (+993 422 94600); Kerki halkara howa menzili (+993 444 25999).
- Mary: Mary halkara howa menzili; Täze awtomenzil (+993 522 52777); Sakarçäge, Baýramaly we Türkmengala şäherlerindäki hyzmat nokatlary.
«Belawia» bilen ýoluňyz ak, saparyňyz oňaýly bolsun!








Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.