Günorta Koreýanyň dünýä belli inženerçilik we gurluşyk kompaniýasy bolan «Daewoo Engineering & Construction» Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek XXV «Ak şäherim Aşgabat 2026» halkara sergi we maslahatynyň resmi altyn hemaýatkäri boldy. Paýtagtymyzda 24–25-nji maý aralygynda guraljak bu uly göwrümli çäre halkara derejede şähergurluşyk we durnukly ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda möhüm meýdança öwrüler.

Aziýanyň iň öňdebaryjy EPC-potratçylarynyň (taslama, satyn alyş we gurluşyk ugurlaryny doly üpjün edýän kompaniýa) biri bolan «Daewoo E&C»-nyň bu foruma goldaw bermegi, çäräniň halkara abraýyny has-da belende göterýär.

«Binagärlik. Innowasiýalar. Durnukly ösüş.» diýen halkara şygar astynda geçiriljek bu foruma dünýäniň 55 sany döwletinden 650-den gowrak wekil gatnaşar. Çäre dünýäniň öňdebaryjy maýadarlaryny, inženerlerini hem-de döwlet edaralarynyň wekillerini bir ýere jemlär.

Forumyň işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde täsirli çykyşlara garaşylýar:

  • Esasy çykyşlar: «Daewoo E&C» kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň baş direktory Min Man-Çžun senagat ösüşi, döwrebap gurluşyk materiallary we üpjünçilik zynjyrlary baradaky panel çekişmesinde çykyş eder.
  • Meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy: Maslahatyň ikinji mejlisinde döwrebap Industry 4.0 (Dördünji senagat rewolýusiýasy) tehnologiýalaryny şäher gurluşygyna ornaşdyrmak, senagat önümçiligini infrastruktura bilen utgaşdyrmak ýaly wajyp temalara serediler.

1973-nji ýylda düýbi tutulan «Daewoo E&C» kompaniýasy häzirki wagtda Aziýa, Ýakyn Gündogar, Afrika we Ýewropa sebitlerinde iri infrastruktura, energetika we senagat taslamalaryny üstünlikli amala aşyryp gelýär.

Kompaniýa Türkmenistanda hem uly göwrümli senagat desgalarynyň gurluşygyna we kämilleşdirilmegine işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň uzak möhletleýin döwrebaplaşdyrylma strategiýasyna özüniň saldamly goşandyny goşýar.

Halkara maslahatyň maksatnamasy we anyk ugurlary baradaky has giňişleýin maglumatlar çäräniň resmi internet sahypasynda elýeterli edilip goýuldy.