Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy ýurdumyzda wagtlaýyn bolýan daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almak üçin täze onlaýn hasaba alyş ulgamyny işe girizdi.
Täze ulgam daşary ýurt raýatlaryna, şeýle hem olary kabul edýän fiziki we ýuridik şahslara migrasiýa gullugynyň edaralaryna barmak zerurlygy bolmazdan, internet arkaly bolýan ýerleri boýunça hasaba durmaga mümkinçilik berýär.
Täze sanly hyzmat Türkmenistanyň «Migrasiýa hakynda» Kanunyna girizilen üýtgetmeler bilen baglylykda döredildi. Bu üýtgetmeler daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň bolýan ýeri boýunça hasaba alynmagy, Türkmenistanda bolmak möhletiniň uzaldylmagy hem-de hasapdan çykarylmagy bilen bagly düzgünleri döwrebaplaşdyrdy.
Onlaýn ulgamyň esasy artykmaçlyklary:
migrasiýa gullugynyň edaralaryna şahsy barmagyň zerurlygynyň azalmagy;
wagt tygşytlamak;
resminamalaryň elektron görnüşde dolanyşygyny üpjün etmek;
hasaba alyş işlerini has gysga wagtda amala aşyrmak;
hyzmatlaryň has amatly we ýeňilleşdirilen tertipde ýerine ýetirilmegi.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy migrasiýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagy, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy we halkara tejribesini peýdalanmagy möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitleýär.
Täze onlaýn ulgam daşary ýurt raýatlary bilen bagly migrasiýa amallaryny ýeňilleşdirmek bilen bir hatarda, degişli hyzmatlaryň döwrebap we sanly görnüşde amala aşyrylmagyna şert döreder.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.