
Aşgabadyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda Ikinji jahan urşunda gazanylan Ýeňişde öçmejek yz galdyran gahrymanlaryň hatyrasyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Bu çäre uruşda wepat bolanlaryň mukaddes ýatlamasyny belent tutmak we olaryň görkezen edermenligine sarpa goýmak maksady bilen guraldy.
Dabara Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hususan-da, Beýik Britaniýanyň ilçisi Stiwen Konlon hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wagtlaýyn ynanylan wekili Endrýu Berdi gatnaşdylar. Diplomatlar ýadygärlige gül desselerini goýup, parahatçylygyň hatyrasyna jan beren esgerleriň öňünde baş egdiler.
Çäräniň dowamynda çykyş eden wekiller Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň ähmiýetini we uruş gahrymanlarynyň dünýäde parahatçylygy dikeltmekde bitiren ägirt uly hyzmatlaryny aýratyn bellediler. Bellenilişi ýaly, pederlerimiziň görkezen beýik gahrymançylygy baradaky ýatlamalar halklaryň hakydasynda mukaddes miras hökmünde saklanyp, geljekki nesillere nusga bolup galar.
Bu dabaraly çäre halkara dostluk gatnaşyklarynyň we umumy taryhy gymmatlyklara goýulýan sarpanyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Keywords