
Gülnur Ahmedowa, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy: Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Farap etrap birleşmesiniň hem-de şu medeniýet ojagynyň bilelikde guramaklarynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli «Diýarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklary belende galýar» diýen at bilen maslahat geçirildi.
Maslahata welaýat prokuraturasynyň, welaýat adalat bölüminiň, welaýat polisiýa müdirliginiň hem-de Türkmenabat şäher kazyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň saklanylmagyna gönükdirilen daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýandygyny bellediler. Şeýle-de bedew batly ösüşleri bilen öňe barýan ýurdumyzyň sebit hem-de halkara derejesinde dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýandygy nygtaldy.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň ähli ugurlarda ösmegi ugrunda edýän giň gerimli işleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Keywords