
Koreýa Respublikasy dünýäde emeli aňyň (EA) howpsuz ulanylyşyny düzgünleşdirýän ählitaraplaýyn kanunyň güýje girizilen ilkinji ýurdy boldy. Gürrüň emeli aňy ösdürmek we oňa bolan ynamyň binýadyny kemala getirmek hakyndaky esasy kanun barada barýar. Munuň dürli kadalaşdyryjy namalaryň ýygyndysy dälde, dünýäde ilkinji hem metaraplaýyn kanundygy aýratyn bellenilýär. Resminama tehnologiýa kompaniýalarynyň boýun bolmaly generatiw emeli aň modelleriniň önümlerine bolan hukuk çäklerini we talaplaryny, şeýle hem düzgün bozmalary üçin jerimeleri öz içine alýar. Hususanda, generatiw modeller tarapyndan döredilen kontent degişli suw belligi (watermark) bilen bellenilmelidir. Kanuna laýyklykda, kompaniýalar öz hyzmatlarynyň emeli aňa esaslanýandygy barada potensial müşderilere habar bermäge, şeýle hem olaryň howpsuzlygy barada alada etmäge borçludyrlar. «Yonhap» habarlar agentliginiň belleýşi ýaly, emeli aňyň kömegi bilen döredilip bilinjek dipfeýkleriň we ýalan habarlaryň ýaýradylmagy bilen bagly meseleleri çözmekde ýuridik şahslaryň hemde işläp düzüjileriň üstüne has uly jogapkärçilik düşýär. Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetler şeýle hukuk bozulmalar bilen bagly işleri derňemäge ygtyýar aldylar. Mundan başgada, kanun tehnologiýa kompaniýalaryň hyzmatlaryndan ýurtda her günde 1 milliondan gowrak adam ulanýan bolsa ýada olaryň girdejisi 10 milliard wondan (6,8 million amerikan dollary) geçse, Koreýa Respublikasynda bölümlerini açmaga borçly edilýär. Ýene bir ölçege görä, eger kompaniýa öz hyzmatlaryny Koreýa Respublikasynda hödürleýän bolsa we onuň bütin dünýä boýunça ýyllyk girdejisi 1 trillion wona (681 milli on amerikan dollary) deň bolsa, bu şert olara hem degişlidir. Bu talaplara «OpenAI» we «Google» kompaniýalary gabat gelýär. Häkimiýetler geçiş döwri üçin bir ýyl wagt bermegi meýilleşdirýärler.
Keywords