
Türkmenistanyň Wegasydaky täze gämisi bolan «Gadamly» Hazar sebitinde işjeň hereket eder. Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow «Gadamly» gämisiniň Baku halkara deňiz söwda portunda garşylanyş dabarasynda mälim etdi diýip, «Trend» agentligi habar berýär.
Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanda gurlan ilkinji gurakyükli «Gadamly» gämisiniň Baku portuna gelmegini iki ýurduň arasyndaky ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň nobatdaky görkezijisi hökmünde häsiýetlendirdi.
G. Elýasowyň bellemegine görä, ýük göterijiligi 6 100 tonna deň bolan bu gämi Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda, Günorta Koreýanyň kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guryldy.
Esasy maglumatlar:
Diplomat bu taslamanyň milli deňiz flotuny güýçlendirmek, deňiz düzümini dörebaplaşdyrmak we logistika mümkinçiliklerini artdyrmak nukdaýnazaryndan örän möhümdigini nygtady. «Gadamly» gämisi Hazar deňzindäki halkara ýük daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga uly goşant goşar.
Ilçiniň aýtmagyna görä, gäminiň ilkinji gatnawynyň hut Baku portuna amala aşyrylmagy Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen gatnaşyklary giňeltmäge, esasanam ulag-logistika pudagyndaky hyzmatdaşlyga berýän uly ünsüniň subutnamasydyr. Bu waka iki doganlyk halkyň arasyndaky özara ynamyň we dostlugyň nobatdaky nusgasydyr.
Çykyşyň ahyrynda ilçi ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda aýratyn orny eýeleýändigine ünsi çekdi.
Keywords